Please enable JS

Işe girmek barada maglumat

DAŞARY ÝUPDA IŞLEMÄGE BARÝAN RAÝATLAR ÜÇIN MAGLUMAT

Daşary ýurda syýahat edilende we başga bir ýurda barlanda nämä üns bermeli?

Ýolda:

• Resmi ulag edaralaryň hyzmatlaryndan peýdalanyň. Şeýle kompaniýalar awtoulaglaryň howpsuz ulanylmagyny göz öňünde tutýar. Ýol heläkçiligi bolan halatynda ulag hyzmatlaryny üpjün edýän edaralar jogapkärçilige çekiler.

• Migrasiýa kartasynyň "Syýahatyň maksady" ýazgyly bölüminde "Iş" diýip saýlaň; eger başga bir maksat görkezseňiz, size işlemek üçin rugsat (patent) berilmez.

• Pasportyňyzy ygtyýarly şahslardan başga hiç kime bermäň (serhetçiler, migrasiýa gullugynyň işgärleri we polisiýa).

• Şäherleriň we beýleki ugurlaryň kartalaryny telefonyňyza göçürip alyň we öwreniň.

• Serhetden geçeniňizde hiç wagt kanuny bozmaň.

Başga bir ýurda baranyňyzda:

• Daşary ýurda işe gelýän raýatlar babatynda ulanylýan ähli amallary ýerine ýetiriň: hasaba alyş, ätiýaçlandyryş resminamalary, patent almak, zähmet şertnamalary we hukuk taýdan resminamalaryň düzedilmegi. Siz iş rugsadyny (patent) almak üçin arza bilen ýüz tutmaly we degişli immigrasiýa gullugynda hasaba durmaly.

• Häkimiýet edaralarynyň wekillerinden başga hiç kime pasportyňyzy bermäň (serhetçiler, migrasiýa gullugy we polisiýa).

• Töleg geçirmek we hasaba durmak, patentýa-da iş wizasyny almak ýaly amallary soňa goýup, gijikdirmäň.

• Zähmet hukuklaryňyz bozulan ýagdaýynda, kanuny esasda işlemek size hukuklaryňyzy dikeltmäge we iş berijiden zähmet hakyňyzy talap etmäge mümkinçilik berýär.

• Ýadyňyzdan çykarmaň, siziň pasportyňyzy saklamaga hiç kimiň hakyýokdur!

• Maşgalaňyza gelendigiňiz barada habar beriň, olara wagtlaýyn bolýan takyk salgyňyzy beriň. Garyndaşlaryňyz bilen habarlaşyp duruň.

• Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi web sahypasynyň (mfa.gov.tm) "Konsullyk bölümine” girip, konsullyklar barada maglumat alyň.

• Gündelik iş tertibini berjaý ediň, iş berijiniň emlägi bilen iş salyşanyňyzda seresap boluň, zähmet ýa-da raýat-hukuk şertnamasyna laýyklykda iş borçnamalaryňyzy öz wagtynda we netijeli ýerine ýetiriň.


Teswirler


Teswir Ýazmak

Bu saýt amerikan halkynyň goldawy arkaly ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligiň (USAID) üsti bilen amala aşyryldy. Saýtyň mazmuny üçin "Maşgala" Jemgiýetçilik Guramasy jogapkärçilik çekýär we bu saýt hökmany suratda USAID-iň ýa-da ABŞ-nyň hökümetiniň garaýyşlaryny aňladýar diýlip düşünilmeli däldir.